Ï Tebigat goragy kanunçylygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigat goragy kanunçylygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 973
Tebigat goragy kanunçylygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi, oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň tebigat goragy hakyndaky kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre “Köp sanly peýda almak üçin Aral deňzi basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlykly ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäginde guraldy. Taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýär.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik her ýylyň 22-nji maýynda bellenýän Halkara biologik dürlülik gününe gabat gelýär.

Garyşyk görnüşde geçen duşuşyga bilermenler, döwlet edaralarynyň wekilleri we hyzmatdaşlar gatnaşdy.

Ekologik ulgamlaryň goragyny ylmy maglumatlara we häzirki zaman gözegçilik tehnologiýalaryna esaslanýan gorag zolaklaryny hem ekologik geçelgeleri döretmek arkaly güýçlendirmek meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, serhedaşa hyzmatdaşlyk baradaky düzgünleri goşmak bilen, ekologik geçelgeler babatynda milli kanunçylygyň derňewiniň netijeleri hödürlendi.

Çäräniň dowamynda ýörite goralýan tebigy ýerleri netijeli dolandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.