Türkmeniň paýtagtynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynda adam hakda alada, şäher ösüşine gönükdirilen çemeleşmede innowasiýalaryň ähmiýeti barada möhüm pikirler beýan edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş guramasynyň (UNIDO) direktoratynyň baş direktorynyň orunbasary we tehniki hyzmatdaşlyk we durnukly senagat ösüşi dolandyryjy müdir Szou Siýun paýtagtyň durnukly ösüşine bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat – geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri» umumy mejlisinde çykyş etdi.
UNIDO-nyň wekili 2023-nji ýyldaky saparyndan bäri şäheriň çalt depginlerde ösýändigini belläp, Aşgabatdan galan täsirlerini paýlaşdy. Aşgabatda «akylly» şäher taslamasynyň Merkezi Aziýada iň aýdyň mysallardan biridigini aýtdy. Onuň pikiriçe, işjeň sanlylaşdyrma we şäher meýilnamalaşdyrylyşyna adam çemeleşme ýaly innowasiýalryň durnukly geljegi kemala getirip biljekdigini görkezýär.
Szou Siýun şäherdäki ulag we energiýa infrastrukturasynyň, şeýle hem galyndylary dolandyryş ulgamlarynyň ösüşiniň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM), hususan-da, «Durnukly şäherler we ilatly ýerler» 11 DÖM doly laýyk gelýändigini aýtdy.
Dünýäde diňe bir gapma-garşylyklaryň ýoklugy däl-de, eýsem halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçiliklerden doly döredijilik güýji hökmünde garamagy teklip edýän bu başlangyç Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen halkara çärelere aýratyn ähmiýet berýär.
UNIDO-nyň wekili öz guramasynyň Türkmenistanyň senagat ösüşine maýa goýumlaryny çekmek ugrundaky tagallalaryny yzygiderli goldaýandygyny tassyklady. Ol esasy şäher we senagat başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ygtybarly hususy pudak hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täsirli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ösdürilmegini öz içine alýar.
– UNIDO geljekde-de Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyr we sebitde üstünlikli ulanylyp bilinjek hyzmatdaşlygyň nusgasyny döretmäge çalyşýar – diýip, Szou Siýun nygtady. Ol Türkmenistanyň intellektual we innowasiýa senagatlaşmagynda, şeýle hem şäher ösüşinde strategiki ähmiýetini pugtalandyrar.
Szou Siýun çykyşynyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň gününiň diňe bir geçmişe hormat goýulman, eýsem, geljegi ýagşy umytly geljege garaýyşdygyny belledi. Ol berk binýada we takyk kesgitlenen strategiki ugura esaslanýan Aşgabadyň «ýaşyl» ösüşiň, «akylly» çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň we durnukly senagatlaşmagyň merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleriniň bardygyna ynam bildirdi.