Ï Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi

view-icon 1264
Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, gümrük, migrasiýa, weterinariýa we fitosanitar edaralarynyň işgärlerini taýýarlamaga jogapkär mugallymlardyr işgärler üçin häzirki zaman okuw usullary boýunça okuw gurady.

Okuwy Merkezi Aziýada serhet dolandyrylyşyna kömek maksatnamasynyň bilermeni, bilim işleri boýunça taslamalary taýýarlamak we dolandyrmak boýunça geňeşçi Ýuliýa Kazakowa geçirdi. Okuwa gatnaşanlar diňleýjileri höweslendirme terzini-de goşmak bilen häzirki zaman okuw usullaryny öwrendiler. Diňleýjileriň maslahat görnüşinde öz ussatlyk sapaklaryny geçirmekleri bu okuwyň esasy ugry boldy, çünki olar okuwda alan bilimlerini bu sapaklarda iş ýüzünde ulandylar.