Ï Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy

view-icon 1284
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly başlandy
camera-icon
Merdan Orazow

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem 2024 – 2025-nji okuw ýylyny üstünlikli tamamlan çagalar tomusky dynç alyş möwsümine çykdylar. Möwsümi netijeli hem-de şagalaňly geçirmek maksady bilen welaýat häkimligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy netijesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine guramaçylykly girişildi.

Çagalaryň tomusky dynç alyşyna taýýarlyk işleriniň çäginde Lebap welaýat jemagat hojalygy birleşigi, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, alyjylar jemgyýetleri birleşigi, medeniýet müdirligi hem-de beýleki edara-kärhanalar bilen ysnyşykly işlenilip, welaýatyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň hem-de Awazadaky «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň doly taýýar edilmegi möwsümiň guramaçylykly başlanmagyny üpjün etdi.

Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900, Awazadaky «Lebap» çagalar dynç alyş merkezine bäş tapgyrda jemi 500 çaga çekmeklik göz öňünde tutulypdyr. Iýun aýynyň 2-sinde welaýat merkezinde bagtyýar çagalaryň ýokarda atlary agzalan merkezlere ugradyş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazlar, şadyýan tanslar bilen utgaşan dabaralardan soňra, çagalaryň birinji tapgyrynda dynç aljak topar baýramçylyk lybasynda bezelen awtobuslarda şäheriň gözel ýerlerini synlap, «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugrady. Şadyýan çagalar döwrebap merkezde hem zehinli deň-duşlarynyň şatlyk-şowhun bilen sazlaşan aýdym-sazlary bilen garşylandy. Şol gün dabaraly ýagdaýda çagalaryň 100-si demir ýol ulagy bilen Awazada ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezine hem ugradyldy.

Türkmenabat şäher häkimligine degişli «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde taýýarlyk işleriniň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkezde möwsümiň dowamynda ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary hereket eder. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak işleri hem göz öňünde tutulýar. Möwsümiň dowamynda ýaş nesiller Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalara niýetlenen sahna eserlerine tomaşa ederler, şeýle hem «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bar bolan döwrebap sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň 14-sine çagalary ibermeklik göz öňünde tutulýar. Welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işler çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly we talaba laýyk geçiriljekdigine güwä geçýär.