Ï Türkmenistanda dolandyryş maslahat beriş okuw-türgenleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dolandyryş maslahat beriş okuw-türgenleşigi geçirildi

view-icon 1123
Türkmenistanda dolandyryş maslahat beriş okuw-türgenleşigi geçirildi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky müşderileriniň kompaniýalarynda guramaçylyk üýtgeşmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen geňeşçiler üçin birnäçe okuwlaryň tapgyryny geçirdi.

Okuw maslahaty «Kiçi telekeçilik üçin geňeşmeler» maksatnamasynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen guraldy. Ol müşderiniň kompaniýasynda aňryçäk üstünlikli we maslahat beriş taslamasynyň gysga möhletinde möhüm üýtgeşmeleri amala aşyrmaly geňeşçiler üçin ýörite döredildi.

Nazaryýet bilimlerinden başga-da, okuwda amaly mysallar hem boldy. Oňa gatnaşanlar tejribe alyşdylar we kärdeşleri bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltdiler. Okuw maslahatyny Stokgolmyň ykdysadyýet mekdebiniň we Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň menejment fakultetiniň mugallymy bolup işleýän telekeçilik boýunça maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirdi. Soňky 25 ýylda ol strategiki dolandyryş, guramaçylyk ösüşi, taslamany dolandyrmak tehnologiýalaryny, amallary dolandyrmak we işgärleri dolandyrmak ýaly dürli ugurlarda 100-den gowrak maslahat beriş taslamasyny durmuşa geçirdi.