Ï Aşgabatda Hytaýyň atşynaslyk medeniýeti we ak farfor sungaty bilem tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hytaýyň atşynaslyk medeniýeti we ak farfor sungaty bilem tanyşdyryldy

view-icon 857

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Hytaý Halk Respublikasynyň farfor önümleriniň we atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy.

Guramaçylar serginiň myhmanlaryny mübärekläp, atşynaslyk medeniýetiniň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary we dostlugy berkitmekde möhümdigini nygtadylar. 

Serginiň açylyş dabarasyndan soň gymmatly sowgatlar alşyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Milli muzeýiniň we Hytaý atçylyk senagaty assosiasyýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we «Türkmen atlary» döwlet birleşigine türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan hytaý dilinde çap edilen şahyryň goşgular ýygyndysyny, şeýle hem ak farfordan ýasalan nepis önümleri gowşurdylar.

Türkmen halkynyň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýän milli äheňde at esbaplary dakylan ahalteke bedewiniň farfor heýkeli bilen dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy. Hytaý tarapynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu heýkeli owadanlygy we gujur-gaýraty bilen bütin dünýä meşhur «behişdi» bedewleriň köp sanly fotosuratlaryndan güýçli täsirlenen ussat döredipdir. Myhmanlar farfordan ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň birini sowgat etdiler.

Sergi üçin Aşgabada 150-den gowrak gadymy hytaý eýerleri ýörite getirildi. Bu täsin gymmatlyklar agaç çarçuwasy keçe ýa-da deri bilen örtülen, gön gaýyşly, şeýle hem käte deri, süňk ýa-da şah bilen bejerilen öň we yz gaşlary bolan eýerlerdir.

Sergide zallarynda at esbaplaryndan başga-da, fotosurat, gözel ýazuw we žiwopis eserleri, heýkeller, sütükli suratlar, keşdeler we atlar temasyndan kagyzdan ýasalan önümler görkezilýär. Bularyň hemmesi Hytaýyň atçylyk medeniýetiniň köpugurly goşulyşmasyny we çuňňur mazmunyny görkezýär.

«Dehua» ak farfor sergisinde gadymy äheňi we täze ugurlardan 40-dan gowrak çeperçilik derejesi ýokary bolan häzirki zaman farfor önümleri bar. Ol ak farfor sungatynyň baý medeniýetini we dünýä estetikasyny görkezýär. Şeýle hem sergide ýüwrük atlaryň farfor şekilleri görkezilýär.

Bu çäre Hytaý Halk Respublikasynyň edaralarynyň birnäçesiniň, iki ýurduň ilçihanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we başga-da birnäçe gurluşlar bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Sergi aýyň ahyryna çenli dowam eder. Giriş tölegsizdir.