Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italiýaly Nello Salzanyň konserti geçirildi. Italiýaly turbaçy bu konserti kompozitor, sazlary gaýtadan işleýji we kinofilmlere saz döreden Ennio Morrikoneniň ýagty ýadygärligine bagyşlady.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren Ennio Morrikoneniň iň meşhur sazlaryndan biri «Malena» filminden saz bu agşama giriş boldy. Diňleýjiler dessine italýan kompozitorynyň döredijiligine mahsus bolan hoş owazly, asuda we şol bir wagtyň özünde duýgulara täsirli saz älemine aralaşdylar.
Nello Salza sahna çykanda tomaşaçylar ony el çarpyp garşyladylar. Ýöne tomaşaçylar biraz aljyradylar – meşhur turbaçy saz guralsyzdy. Nello Salza çeper sykylyk žanrynda ilkinji sazy ýerine ýetirdi. Soň bolsa turba ýaşyryn bir zat hakda gürrüň berýän ýaly pes gussaly owazda ýaňlandy. Kompozitor Ennio Morrikoneniň döredijiliginiň bir aýratynlygy – onuň sazlarynda hemişe turba bardy.
Konsertde dürli temalardan – western, fantastika, detektiwler, nusgawy edebi eserler ýaly filmlere sazlar ýaňlandy. Kino sazlarynyň hemmesinde Morrikone mahsus usul duýulýardy – gahrymanlaryň duýguçyl ýagdaýyny däl-de, eýsem, wakalaryň ýagdaýyny gürrüň berýän durmuşa aşyklyk, ýerlikli saz duýulýar. Meşhur aýdymçy Bahar Durdyýewa konsertiň solisti hökmünde çykyş etdi. Ol «Agşam gel, agşamlyk edineliň» atly degişme aýdymy we «Missiýa» filminden aýdym aýtdy. Mundan başga-da, Bahar ilkinji aýdymy wokalis usulda ýerine ýetirdi.
Morrikoneniň ajaýyp sazlarynyň konserti «Amerikada bir gezek» filminden iki sazy bilen tamamlandy. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari sahna üç desse gülli çykdy. Birinjisini Nello Salza, ikinjisini Resul Gylyjowa, üçünjisini Bahar Durdyýewa gowşurdy. Ilçi ýygnananlary Nello Salza bilen ýene duşuşyk boljakdygyna ynandyrdy.
– Meşhur kompozitor Morrikoneniň iň halan eserlerini meşhur trubaçy Nello Salza bilen bir sahnada ýerine ýetirmäge mümkinçilige begenýärin. Dostluk şunuň bilen gutarmaz diýip umyt edýärin – diýip, Resul Gylyjow jemleýji çykyşynda aýtdy.