Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň lukmançylyk mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersara olimpiada geçirildi.
Bäsleşik «Şepagat uýasy», «Anatomiýa we fiziologiýa» ýaly dersler boýunça geçirildi. Ýurduň lukmançylyk mekdepleriniň talyplary testleri hem-de dürli ýagdaýlara degişli wezipeleri çözmekde ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça «Şepagat uýasy» ugrunda I orun Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebine berildi. «Anatomiýa we fiziologiýa» dersi boýunça Marynyň, Türkmenabadyň we Balkanyň lukmançylyk mekdepleri I orny paýlaşdylar. Olimpiadada iki ders boýunça II we III orunlary ýokarda görkezilen lukmançylyk mekdepleriniň, şeýle hem Arkadag we Daşoguz şäherleriniň lukmançylyk mekdepleri eýelediler. Ýeňijilere Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýardam bermeginde geçirildi.